«Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime» atly baýramçylyk sergisi


«Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime» atly baýramçylyk sergisi



Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bellenip gelinýän milli şanly seneleriň hem-de däp-dessurlaryň hatarynda Nowruz baýramy aýratyn orny eýeleýär.
Bu baýramçylyga halkara derejesiniň berilmegi Gündogar halklaryň özboluşly mirasyny şöhratlandyrýan Nowruzyň ägirt uly ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasydyr. Örän gadymy we hemmeleriň söýýän Nowruz baýramy «täze gün» diýmegi aňladýar we gadymy döwürlerden bäri ynsan kalbynda iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolmagyna umyt döredýär, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýar.
Nowruz baýramy häzirki döwürde hem milletleriň jebisleşmegine, olaryň ruhy naýdan kämilleşmegine hem-de umumy taryhy-medeni ýörelgeleri wagyz etmäge, olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ýazky gije-gündiziň deňleşýän gününde adamlar biri-biriniň öýüne myhmançylyga barýarlar, sowgat berýärler, birek-birege bagt, parahatçylyk we saglyk arzuw edýärler. Şol sebäpli hem bu gadymy hem-de baky juwan baýram adamlary ýakynlaşdyrýar, olary açyk göwünli, hoşgylaw we paýhasly edýär.
Gadym türkmen ýaýlalarynda ak öýler dikilip, aýdym-sazyň belent owazy, gyz-gelinleriň läleleri bilen garşylanýan Nowruzyň hormatyna gazanlar atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde dabara bilen garşylanýan Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşler, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Yzzat Gylyjowyň, Ýakup Annanurowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Mämmet Mämmedowyň, suratkeşler Stanislaw Babikowyň, Tamara Kiselýowanyň, Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserleri hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşleri Juma Jumadurdynyň, Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Maral Ataýewanyň, Ýedi Madatowyň heýkel we keramika eserleri ýerleşdirildi.
Suratkeşler öz eserlerinde Diýarymyzyň geçmişi, şu günki güni bilen baglanyşykly pikirlerini we duýgularyny, durky täzelenen Watanymyzyň keşbini, özboluşly labyzly äheňde beýan edipdirler.