«Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr»


«Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr»



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we dermen senagaty ministrliginiň bilelikde tassyklanan Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň edep-ekramly, ylymly-bilimli, ahlak we beden taýdan arassalygyny gazanmak şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny hem-de 06.04.2016-njy ýyldan «Adamyň immuniýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «AIW ýokanjynyň öňüni alyş çäreleri», «Neşe serişdeleriniň, spirtli içgileriň we beýleki zyýanly endikleriň adamlaryň saglygyna, maşgalasyna, umuman jemgyýete ýetirýän zyýany» baradaky mowzuklar boýunça ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmetkeşleriň arasynda öwüt-ündew duşuşygy we sergi geçirildi. Ýygnakda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory S.Meredow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany G.Amannazarowa, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň maýory J.Meredowa çykyş etdiler. Şeýle hem ýygnaga Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Atamyradow, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisti B.Çaryýew gatnaşdylar.