“Ylym ösüşleriň çeşmesi” atly sergi


“Ylym ösüşleriň çeşmesi” atly sergi



Türkmen topragynyň gadymy medeniýeti ylmy açyşlar bilen baglydyr. Gözbaşy taryhyň çuňluklaryndan başlanyp, bütin dünýä meşhur bolan türkmen halyçylyk, zergärçilik sungatynyň kökleri hem ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ylmy döredijiligine esaslanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungat işgärleriniň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, taslama we bezegçileriň, binagärleriň öňünde milli we bütindünýä sungatynyň däplerini özünde jemlän türkmen sungaty düýpli özgerşikleri başdan geçirýär.
Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününi belleýän Türkmenistan Watanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň ýoluna ynamly gadam urup, öňdebaryjy ylmy pikiri, innowasion tehnologiýalary gündelik iş tejribesine işjeň ornaşdyrmaga çalyşýar we bu babatda ýaş alymlara möhüm orun berilýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ylymlar gününe bagyşlanyp “Ylym ösüşleriň çeşmesi” atly sergi gurnaldy. Onda türkmen halkynyň ylmy-bilimi, taryhy, sungaty barada alnyp barylýan işler muzeý gymmatlyklaryň üsti bilen görkezilýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň “Fizikler”, Aman Kulyýewiň “Nebit operatory Arazbagt Baýjykowanyň portreti”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Saparmämmet Meredowyň “Taryh”, “Arheolog”, Mämmet Mämmedowyň “Seleksioner Maksimenkonyň portreti”, Tokar Tugurow “Olar güni tabyn edýärler”, Nyýazmyrat Dowodowyň “Professor Ödekowyň portreti”, Nikolaý Çerwýakow “Laborant Gyzyň portreti”, suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Professor M.Ý.Masson”, atly nakgaş, Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň “Parahatçylyk-zähmet-bilim”, Annameret Garaýewiň “Kosmos asyry”, Aleksandr Abramowyň “Ýaş lukmanlar”, Amanmuhammet Hydyrowyň “Talyp”, Mommy Seýitmyradowyň “Awisenna” atly heýkel we keramika eserlerinde türkmen alymlary, olaryň ylmy açyşlary, ýurdumyzdaky ylmy ösüşler baradaky ajaýyp sungaty kendirde we göwrümlerde synlap bilerler.