Sagdyn we bagtyýar durmuşyň waspy


Sagdyn we bagtyýar durmuşyň waspy



Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy. Ol «Sagdyn durmuş — bagtyň gözbaşy» diýip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler» atly ylmy-ensiklopedik işiniň ähli jiltleriniň ýerleşdirilmegi sergä bolan gyzyklanmany has hem artdyrdy. Milli Liderimiziň 11 jiltden ybarat bu işi diňe bir ildeşlerimiz üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem gymmatly gollanmadyr.

Sergide Lebap welaýatyna mahsus bolan dermanlyk ösümlikleriň nusgalary hem ýerleşdirilipdir. Muzeýiň hünärmenleri olaryň her biri hakynda gyzykly gürrüň berýärler.

Serginiň bir bölümi sporta bagyşlanypdyr. Bu ýerde welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdürligi tarapyndan ýerleşdirilen kuboklardyr medallar ünsüňi özüne çekýär. Olaryň aglabasy lebaply türgenleriň soňky ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlarda mynasyp bolan baýraklarydyr. Bölümde Jeýhun ýakasynda önüp-ösen, halkara üstünlikleri bilen türkmen sportunyň şanyna şan goşan türgenleriň fotoalbomy hem bar.

Seginiň açylyş dabarasyna sport we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, syýasy partiýalardyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri hem-de Lebap welaýat maliýe we ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Muzeýiň işgärleri olara şu gezekki serginiň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Ýeri gelende aýtsak, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzdaky şanly seneleriň ählisi mynasybetli wagtlaýyn sergileri geçirmegi asylly däbe öwürdi.