Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy


Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş türgenleri iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorap, milli sportuň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz dünýä derejeli ýaryşlaryň köpüsine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler.

Ýaňy ýakynda geçirilen türkmen türgenleri Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşinde ýeňiji bolup gelen ýaş türgenlerimize bagyşlanyp sergi gurnaldy. Sergide şekillendiriş sungaty eserleri, fotosuratlar Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen iri ýaryşlara bagyşlandy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.