“Milli miras nesillere görelde” atly göçme sergi


“Milli miras nesillere görelde” atly göçme sergi



Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän we bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasymyzy dowam etdirmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeni işewürlik merkezinde “Milli miras nesillere görelde” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurnady. Sergä gatnaşan myhmanlar türkmen halkynyň milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.