Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi


Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi



Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, grafiklaryň, amaly-haşam ussatlarynyň döredijiligi bilen ösüşlere beslenýär. Şol ussat halypalaryň döreden nusgawy eserlerini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnap, halka ýetirilýär. Çary Amangeldiýewiň döredijiliginde taryhy eserler, taryhy şahsyýetleriň portretleri, halkyň geçmiş we geljek taryhy beýan edilen eserleri örän köpdür. Halypa suratkeş ýaşlygyndan ýurdumyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly bolup, daýhanlaryň, pagtaçylaryň, gazçylaryň, nebitçileriň, umuman, türkmen zähmetkeş halkynyň gündeki durmuşyny açyp görkezipdir. Sergide türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynda döredijilik eserleri bilen Amanmuhammet Hydyrow uly goşant goşdy.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda Amanmuhammet Hydyrowyň dürli taslama eserleri, relýefler we medallary saklanylýar. Halypalar Çary Amangeldiýewiň we Amanmuhammet Hydyrowyň döreden eserleri häzirki günde ýaş nesil üçin uly mekdep bolup dur. Häzirki günde halypalaryň halkymyza miras goýan ajaýyp eserleri mizemez sungaty bize miras goýan halypalaryň ajaýyp eserleriniň sergisini synlap, guwanmazlyk mümkin däl.