Döwrümiziň döwrebap muzeýine gezelenç




“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň milli medeniýeti gülläp ösýär. Arkadagly Serdarymyz muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi.
Şu günki muzeýler bagtyýar döwrümiziň medeni-ylmy ojaklarydyr. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip, halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde, geljekki nesillerimize ýetirmek üçin milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Şeýle muzeýleriň biri-de paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýerleşýan “Watan mukaddesligi” muzeýidir.
Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp muzeýleriniň biri bolan “Watan mukaddesligi” muzeýine Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň hünärmenleri gezelenje gelip muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşdylar.
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň Garaşsyzlygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşen milli gahrymanlarymyzyň şöhrat diwary onuň merkezinde bolsa, zehinli, halypa mugallym, edermen esger we ajaýyp şahsyýet Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň portreti ýerleşdirilen bölüminde köp dürli sorag-jogap arkaly düşündirişli gezelenç giňden öz beýanyny tapyp gezelenje gelen hünärmenler üçin has hem gyzykly boldy. Muzeýiň beýleki bölümlerinde hem uly gyzyklanma bilen gurnalan gezelenjiň elektron sanly ulgam arkaly görnüşi has-da täsirli geçdi.
Ýurt baştutanymyz pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek barada yzygiderli aladalar edýär. Her bir işde milli ýörelgämizden ugur alyp, nusgalyk görelde görkezýär.
Bu gün ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda muzeý işleriniň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!