“Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ýaş nesiller üçin beýik taglymatdyr” atly göçme sergi


“Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ýaş nesiller üçin beýik taglymatdyr” atly göçme sergi



Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde golaýda “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ýaş nesiller üçin beýik taglymatdyr” ady bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ý.Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, A.Kuliýewiň “Durmuşyň ýyllary”, M.Kakabaýewiň “Türkmen medeniýeti”, R.Berdiýewiň “Türkmenistan”, A.Hajyýewiň “Türkmeniň ajaýyp nusgalaryny döredenler”, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden S.Artykmämmedowyň “Dutarçy”, J.Jumadurdyýewiň “Sazanda bagyşlanýar”, Ý.Madatowyň “Sazandar”, türkmen keramika sungaty eserlerinden A.Taganowyň “Köneürgenç” ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergide mynasyp orun aldy. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejede taýýarlyk görmegiň çäklerindäki wakalar meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr.