«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi


«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi



Täsirli guralýan çäreler çagalarda ýatdan çykmajak guwançly duýgulary galdyrýandygy, olary hasam işjeňleşdirýändigi bilen tapawutlanýar. Şu gün hem hut şeýle boldy, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak, okuwçy ýaşlaryň giň köpçüligini döwletiň, il-günüň emlägini we raýatlaryň janyny, saglygyny ýangyn howpundan goramaklyga çekmek maksady bilen, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk bilen surat çekmek we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça «Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşiginiň döwlet möçberindäki jemleýji tapgyry Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilip, bäsleşikde öňdäki orunlara eýe bolan ýeňiji ýaş suratkeşleri sylaglamak dabarasy boldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýokary ussatlyklaryny,
ukyp-başarjaňlyklaryny görkezdiler. Ýetginjekleriň arasynda şular ýaly ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilip durulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi ýetginjeklerde aň-düşünje, zehin başarnyklaryny, hyjuw-hyýalyny ýokary galdyrmakda özüniň terbiýeleýji ähmiýetli netijelerini berýär.
Geljegimiz bolan ýaş nesliň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün eder. Bu bolsa geljek nesillerimiziň sagdyn, aň-düşünjeli bolup, il-günüň guwanjy boljakdygynyň subutnamasydyr.
Bäsleşikde özleriniň has ýokary suratkeşlik ussatlyklaryny görkezen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleri, öňdäki orunlara mynasyp bolanlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň diplomlary, Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.