“Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigiň jemi


“Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigiň jemi



Taryhy ýadygärliklerimizi, dürli döwürde tapylan muzeý gymmatlyklaryny aýawly saklamak işine hem döwletimizde uly üns berilýär. Munuň üçin paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde döwrebap muzeýleriň täze binalary guruldy. Häzir olarda şanly taryhymyzdan, medeniýetimizden, sungatymyzdan hem-de ýurduň şu günki ösüşlerini gürrüň berýän muzeý gymmatlyklarynyň müňlerçesi saklanylýar. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin oňaýly merkezi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýahatçylygyny ösdürmekde hem muzeýlere aýratyn orun degişlidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasyny dikeltmek aýawly saklamak we goramak, sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen Watana, türkmeniň şöhratly taryhyna söýgi döretmek boýunça ýurdumyzyň muzeýleri maksatlaýyn häsiýetli işleri alyp barýarlar. Şeýle hem muzeý ugrunda alnyp barylýan işleri halka we dünýä ýüzüne elýeterliligi üçin muzeýleriň internet saýty hereket edýär.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arklaşyklarynyň milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň ýagny, welaýat şäher etrap oba muzeýleriniň we muzeý şahamçlarynyň arasynda geçirilen “Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigiň jemleri jemlendi we ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşigiň esasy maksady - şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakdan, gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamak, öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmekden, özygtyýarly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny we Garaşsyz ýurdumyzyň hoşniýetli halkara syýasatyny wagyz etmekden, bu ugurda özara tejribe alyşmakdan, ýetilen üstünlikden giň halk köpçüligini tanyşdyrmakdan nesillere halkyň milli medeni mirasyny, gymmatlyklaryna bolan çuňňur söýgüsini, buýsanjy kemala getirmekden muzeýlerde guralýan sergileriň täsirli bolmagyny gazanmakdan, muzeý işini has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertlerine görä “Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi” diýen ada Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, “Ýylyň iň gowy şäher muzeýi” diýen ada Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, “Ýylyň iň gowy etrap muzeýi” ada “Gökdepe” milli muzeýi, “Ýylyň iň gowy oba muzeýi” ada Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň H.Myradow geňeşligindäki Taryh muzeýi, “Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy” diýen ada Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşligindäki şahamça mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan muzeýlere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arklaşyklarynyň milli merkeziniň gymmatbahaly sowgatlary we Diplomlar gowşuryldy.