Medeniýet hepdeligi - 2020: bäşinji gün


Medeniýet hepdeligi - 2020: bäşinji gün



26-njy iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Daşoguz welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar muzeýleriň hem-de ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, ugurdaş ulgama sanly tehnologiýalaryň, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri wirtual modelirlemegiň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen topragynda saklanyp galan gadymy galalar, kerwensaraýlar häzir hem dünýäniň alymlarynda gyzyklanma döredýär.