Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen döredijilik sergisi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen döredijilik sergisi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň sungaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan uly ähmiýetli syýasatlary netijesinde günsaýyn ösýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş sungatyny özboluşly döredijilik ýoly bilen baýlaşdyran suratkeşler Pawel Popowyň 100 ýyllygy, Nikolaý Ýerşowyň 90 ýyllygy we Tükmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýewgeniý Grişiniň 70 ýyllygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Seýitguly Artykmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi gurnaldy.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi G.Ýarmämmedow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş S. Meredow çykyş etdiler. Suratkeşleriň eserleriniň aýdyň, ýagty we baý reňk öwüşginleri häzirki güne çenli tomaşaçylary özüne çekýär. Häzirki günde şekillendiriş sungaty nusgawy şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserleri bilen has-da beýik derejelere ýetdi. Suratkeşler, heýkeltaraşlar mizemez sungaty bize miras goýdular.

Sergä gatnaşan myhmanlar şular ýaly sergä gatnaşmaga, öwrenmäge, döretmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.