Muzeýe gezelenç
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda birnäçe toýdur dabaralar dowam edýär. Bu günki gün biz Garaşsyz Watanymyzyň saýasynda ýene-de bir uly baýram bolan Milli bahar baýramyny garşylaýarys. Nowruz baharyň başy bolup, bu baýram tutuş Gündogar dünýäsine mahsusdyr.
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmek milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Şeýle muzeýleriň biri-de paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumunda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýidir.
Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary paýtagtymyzdaky «Watan mukaddesligi» muzeýinde gezelenje gelip muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň muzeý işini ösdürmekdäki we kämilleşdirmekdäki, muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek babatdaky görkezmelerini durmuşa geçirmekde hem-de muzeý işini talaba laýyklykda alyp barmakda watandaşlarymyzyň şeýle-de ýaşlarymyzyň öňünde borjumyz bolup durýar.