«Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy»


«Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy»



Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2009-njy ýyldan bäri ýurdymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçirilýän bolsa, 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda her ýylyň 27-nji iýuny «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» diýip yglan etmegi medeniýet we sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Goşa baýram, goşa toý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamany akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň, poeziýasynyň, sungatynyň pajarlap ösýän döwrüne öwrüldi. Medeniýet, sungat we şygryýet munyň özi aýrylmaz baglanşyklydyr.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, şeýle-de Şekillendiriş sungaty eserleri gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, Ş.Akmuhammedowyň, Ö.Mämmetnurowyň ajaýyp nakgaş eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ýasan Magtymguly Pyragynyň heýkeli serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi.

Serginiň dowamynda ussat heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň ýasan ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň heýkelini we onuň hut özüniň ýasan birnäçe saz gurallaryny hem görmek bolýar. Sergide zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary aýratyn gözellik berýär. Şeýle-de sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri hem bar. Sergide hormatly Prezidentimize sowgat berilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini synlamak bolýar. Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik bilen beýan edilýär.
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow tarapyndan açyldy.
Soňra Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, Türkmenistanyň halk artisti Myratgeldi Baýramberdiýew, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Altyn asyr Türkmenistan teleradio ýaýlymynyň «Watan» radio ýaýlymynyň baş redaktory Nurberdi Dädebaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy,Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa wе Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa çykyş etdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradowyň ýolbaşçylygyndaky «Arçabil» depçiler topary çykyş etdiler. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk inistitutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri gatnaşdylar.