SUNGAT ESERLERINDE GARAŞSYZLYGYŇ WASPY


SUNGAT ESERLERINDE GARAŞSYZLYGYŇ WASPY



Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň baýramçylyk sergisi açyldy. Şanly sene mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, halypa we ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, peder ýoluny üstünliklere besläp ýurdumyzyň ösüşlere sary alyp barýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň şöhratly bäş müňýyllyk taryhyna ser salsak beýik serkerdeleriň döreden 70-den gowrak döwletleri göz öňüňde janlanýar. Buýsançly taryhymyzyň waspy döwrüň çeperçilik islegleri, suratkeşiň pelsepewi oýlanmalary we pikirleri esasynda I.Işangulyýewiň «Tumar şa», R.Haýtmyradowyň «Soltan Alp-Arslan», G.Babatäjowyň «Türkmenleriň Anadola ýörişi», A.Muhammedowyň «Gara däli Gökleň» atly eserlerinde şahsyýetleriň keşbi baý reňk dünýäsinde janlanýar. Eserler halkymyzyň milli däplerine we gadymy taryhyna esaslanyp çeperçilik sungatynyň dürli usullary esasynda beýan edilýär.

Sergide görkezilen S.Işangulyýewanyň «Monjukatdylar», «Nowruz», K.Seýitmuhamedowyň «Toýa barýarys» atly eserlerinde täze döwrüň öwüşgininde milli gymmatlyklarymyzyň waspy ýetirilýär.

Mundan başga-da, sergide A.Rejepowyň «Bagta barýan ýol», D.Rozyýewanyň «Ýurduň toýy», B.Annadurdyýewiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly eserlerinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýän toýdur baýramlaryň özboluşly öwüşginleri çeperçilik dilinde we baý taslama çözgüdinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň dürli görnüşdäki taýýarlan sungat eserleri baýramçylyk sergisine özboluşly bezeg berýär. Sergide görkezilen eserleriň aglabasynda sebitdäki ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň özboluşly gözelligi beýan edilýär. Şeýle sungat eserleriniň arasynda A.Orazmyradowyň «Arkadag şäheri», B.Annadurdyýewiň «Baş baýdak», G.Annamyradowanyň «Arkadag şäheri», M.Gurbangeldiýewiň «Ak şäherim», D.Pirmämmedowanyň «Arkadag şäheri» ýaly eserleri sergä gatnaşyjy myhmanlaryň göwnüni göterip, olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Baýramçylyk sergisinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sowgatlyk we amaly-haşam eserlerinden düzülen eserler sergi bilen sazlaşykly bir bitewi öwüşgini döredýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, serginiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary O.Myradowanyň, Ş.Orazberdiýewiň, Ş.Gylyjowanyň, zergär A.Sähedowyň, A.Rejepowanyň, şeýle-de talyp ýaşlaryň taýýarlan zergärçilik önümleri baýramçylyk sergine özboluşly bezeg berip, oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.