“Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda” atly döredijilik duşuşygy we sergi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döredijilikli işiň täze belentlikleri kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir işi halkymyza belent söýginiň nyşanydyr.
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän “Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda” atly döredijilik duşuşygy we sergi geçirildi. Duşuşyga gatnaşan zenanlar Arkadagly ýurtda sungatda ýetilen sepgitler, döredilen eserler barada gyzykly söhbetler edildi.
Türkmen halkynyň taryhyny we medeni-syýasy durmuşyny beýan etmek türkmen sungatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Türkmen şekillendiriş sungatynda halkyň durmuşyny we adamyň ruhy dünýäsi has dolulygy bilen döredýän tematik eserler bilen baglanyşyklydyr. Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde taryh, durmuş sahnalary çeperçilik aýdyňlygynyň milli durmuşyň we ýaşaýşynyň özboluşly sahnasyny ynandyryjy hakykylygynda mazmunynyň milli aýratynlyklaryny kesgitleýär.
Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly orun degişlidir. Halkyň kalby bolan medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda örän uly güýje eýedir. Bu ulgamyň işini häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen halkyň aňynda müdimilik galar ýaly işleri amala aşyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Muzeý gaznasynda saklanýan zenan suratkeşleriniň nakgaş eserleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilendi. Umuman, türkmen zenanlary özleriniň sungaty, döredijiligi bilen tapawutlanypdyr. Ussat keramikaçylar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Maral Ataýewanyň, Dursunsolmaz Muhammedowanyň gaýtalanmajak täsin eserleri, ýagny, küýzedir bezeg gaplary, nakgaş eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň waspy, olaryň el işlerini beýan edýän eserler toplumy serginiň esasyny düzýär.
Halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny işjeň öwrenip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin, döredijilik adamlarynyň netijeli işi, sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, gadymy türkmen däp-dessurlaryň gaýtarylyp berilmegi bilen sungatyň, binagärligiň, heýkeltaraşlygyň, medeni-mirasyň dikeldilmegine giň ýol açyldy. Garaşsyz Watanymyzyň sungaty türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýokary göterilmegi bilen düýpli özgerişikleri başdan geçirýär.