Döredijilik sergisi


Döredijilik sergisi



Türkmen sungatynyň ajaýyplygy we onuň gözelligi, diňe bir öz watanymyzda meşhurlyga eýe bolman, eýsem dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýedir.

Biziň ene-mamalarymyzyň kesp-käri bolan haly sungatymyzyň inçeligi we nepisligi sungat eserlerimizde kendir ýüzünde ajaýyp nakgaş eserleri döredilip uly sungatyň owadan özboluşly öwüşgini açyp görkezýär. Şeýle ajaýyp eserleri bilen biziň her bir sergilerimiziň bezegi bolan, milli usuldaky gözel eserleri döredýän suratkeş zenanymyz ussat gobelençi hem-de nakgaşçy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi we “Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna” ýubileý medaly şeýle hem, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglanan Sülgün Hojagulyýewadyr. Sülgün Hojagulyýewa ýaş sungatlaryň biri bolan gobelen sungatynyň ajaýyp görnüşlerini döredip özüniň ussatlygyny we zehinini görkezip bilen zenandyr. Onuň ýerine ýetiren gobelen işlerinde ençeme reňk öwüşginler biri-biri bilen sazlaşyp, sungat muşdaklaryny özüne çekip her bir adamda uly täsirini galdyrýar. Onuň ýerine ýetiren eserlerinden “Bazar”, “Gara çyrpyly gelin”, “Keçeçiler”, “Gurban baýramy”, “Gelinler”, “Maslahat” ýaly we başga-da birnäçe milliligimizi beýan edýän eserleri bolup, biziň milli sungatymyzyň ösmegine ajaýyp goşantdyr. Annaguly hem öz ýanýoldaşy Sülgün bilen bilelikde birnäçe eserleri döredip, bu günki- günde sungaty söýüji muşdaklara şol döredilen eserleri bilen ruhy lezzet paýlaýar. Umuman bularyň maşgalasy sungatyň gözelligini döredijilerdir.

Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem şeýle ussat suratkeş zenanymyz Sülgün Hojagulyýewanyň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasynda onuň döreden sungat eserleri özüniň öwüşgini we gözelligi we sergä gatnaşýan adamlarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Sülgüniň ýerine ýetiren eserlerinden düzülen sergi geçen ýyllarda dünýäniň birnäçe döwletlerinde gurnalyp görkezilendir. Olardan Gazagystan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasynda başga-da birnäçe ýerlerde sergilenip, şeýle hem daşary döwletleriň şahsy kolleksiýalarynda hem saklanylýar. Olardan Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Päkistan, Ýaponiýa, Eýran, Gazagystan, Italiýa, Wengriýa, Norwegiýa, Argentina, Ukraina, Malaýziýa ýaly döwletleriň şahsy kolleksiýalarynyň bezegidir. Onuň ýerine ýetiren gobelen işleriniň hem birnäçesi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergileriniň hemişelik bezegidir.

Sergidäki eserleriň arasynda ussat suratkeşler Rahman Umarowyň “Näzli”, Gülşat Annamyradowyň “Irden günüň dogşy”, Tamara Kiselýowanyň “Geljege garaýyş”, Saparmämmet Meredowyň “Zenanlara bagyşlap”, Tuwak Sähedowanyň “Söýli halan”, Aýa Serhenowanyň “Türkmeniň baýlygy”, Aýjeren Meredowanyň “Owadan güller” ýaly döreden nakgaş eserleri şeýle hem birnäçe ussat keramikaçylarymyzyň döreden ajaýyp keramika küýzeleri görkezildi. Olardan Maral Ataýewanyň “Müsür”, Annameret Taganowyň “Bezeg güldan”, Gülara Babaýewanyň “Balykgulak” ýaly eserleri bolup sergä ajaýyp öwüşgün çaýdy.