Awaza dynç alyş zolagynyň „Berkarar“ myhmanhanasynda gurnalan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi


Awaza dynç alyş zolagynyň „Berkarar“ myhmanhanasynda gurnalan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi



Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde Awaza dynç alyş zolagynyň „Berkarar“ myhmanhanasynda amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Türkmen şekillendiriş sungatynda mynasyp yz goýan nakgaş, keramika we gobelen ussatlarymyzyň döreden bu eserleri türkmen halkynyň baý-mazmunly milli gymmatlyklarynyň waspy ýetirlen nusgawy eserlerdir. Ol eserlerde türkmeniň milli däp-dessurlary, gündeki durmuşy, ajaýyp tebigaty baý reňk öwüşgininde beýan edilýär. Türkmen halkynyň taryhy ýolunyň çuňlugyna uzap gidýän keramika sungaty bu günki günde has-da baý öwüşgine, ýokary ussatlyga eýe boldy. Sergide görkezilen keramika önümlerimizde türkmen zenanlarymyzyň keşbi, türkmen tebigatynyň waspy dürli we täsin şekil aýratynlykda ýerine ýetirildi.
Türkmen şekillendiriş sungatynyň iň ýaş görnüşleriniň biri bolan gobelen sungaty häzirki döwürde baý öwüşgine eýe boldy. Sergide görkezilen gobelen eserlerde zenan gözelligi, durmuş pursatlary, natýurmortlar we tebigat waspy ýetirlen eserler has-da täsirlidir.