Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli „Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň“ atly serginiň


Annotasiýasy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän Diýarymyz bu gün medeniýetde we sungatda ösüşleriň täze derejelerine göterilýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi halkyň ruhy ösüşini has-da ýokarlandyrýar. Bu baýramçylyga bagyşlanan medeniýet hepdeliginiň dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek we nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygy mynasybetli “Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň” atly baýramçylyk sergi gurnaldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, ýurdumyzda medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde gurnalan bu sergi şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika eserlerinden düzüldi.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň “Bazar Amanowyň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezowyň portreti”, Durdy Baýramowyň “Alty Garlyýewiň portreti, “Baba Ananowyň portreti”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, Muhammetmyrat Goçmyradowyň “Halk sazy”, Berdiguly Amansähedowyň “Atageldi Garýagdyýew” atly eserinde sungatda mynasyp yz galdyran halypalaryň ussatlygy, aýdym-saza bolan söýgüsinden doly ruhy dünýäsi açylyp görkezilýän bolsa, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň “Magtymguly Pyragy”, Aýhan Hajyýewiň “Mollanepesiň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Durdy Haldurdynyň portreti”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň “Şahyryň ýaşlygy”, suratkeş Ogulgurban Atabalowanyň “Aşyk bolmuşam”, atly eserlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň we türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran görnükli wekilleriniň keşbi janlanýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Juma Jumadurdynyň, Ýedinazar Madatowyň, Saragt Babaýewiň, Maral Ataýewanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, suratkeşler Nurmuhammet Ataýewiň, Muhammet Ýüzbaşew, Gülara Babaýewanyň heýkel we keramika eserlerinde hem medeniýet we sungat işgärleri, olaryň döredijiligi, Magtymguly atamyz barada söhbet açylýar.
Baýramyňyz gutly bolsun!

Ýerine ýetiren D.Kulyýewa