“At diýmerin saňa, gardaş diýerin...”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda uludan bellenilýän Türkmen Bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli “At diýmerin saňa, gardaş diýerin...” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, türkmen halkynyň taryhynda, ýaşaýyş-durmuşynda we medeniýetinde türkmen atlary möhüm orny eýeläpdir. Irki döwürlerden bäri ata-babalarymyz howlusynda aty bolan öýi, atyň kişňeýän, sesi gelýän ojagy gurply, döwletli, rysgal-bereketli hasaplapdyrlar. Gadymdan gelýän rowaýatlarymyzdyr, dessanlarymyzda at ýigidiň ýeňiş gazanmagyna kömek edýän ýoldaşy, onuň iň sadyk dosty, eýesini her hili ýagdaýlarda halas edýän jandar hokmünde beýan edilýändigi şeýle-de bedew münmek türkmeniň gerçeklik edebiniň dessury bolup, bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen Bedewiniň sarpasynyň belentde tutulyp, dünýäde behişdi bedewler bolan ahalteke bedewleriniň Watany hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimizde uly dabara bilen bellenilýändigini, türkmen Bedewlerimiziň diňe bir özleriniň owadanlygy, ýyndamlygy hem çydamlylygy, gaýratlylygy bilen belli bolman, eýsem, ynsan ýaly duýgurly, syzgyrlygy bilen dünýäni haýrana goýýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleriniň rowçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.