“Äleme dolan türkmen keşdesi” atly çäre geçirildi


“Äleme dolan türkmen keşdesi” atly çäre geçirildi



“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz şatlykly wakalardan doly.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda medeni gymmatlyklarymyzy geljek nesillerimiz üçin elýeterli etmek, olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de halkymyza wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmen gelin-gyzlarynyň milli egin-eşikleri, olara salynýan keşdeleri türkmen gelin-gyzlary özüne mahsus bolan ajaýyp tebigatyndan, taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan nagyşlar bilen bezäp, biziň milli guwanjymyza – milli sungatymyza öwrüldi. Türkmeniň milli ketenileriniň, lowurdap duran türkmen halylarynyň ähmiýeti dünýä ýüzünde görlüp-eşidilmedik derejelere göterildi. Olary ýokary hilli taýýarlamak üçin biziň enelerimiz-mamalarymyz gaty köp zähmet çekipdirler. Tebigatyň dürli ösümliklerinden alnan tebigy boýaglar bolsa türkmeniň milli senetlerine aýratyn öwüşgin berip, hili, berkligi bilen göreni haýrana galdyrypdyr.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde gecirilen “Äleme dolan türkmen keşdesi” atly çärede Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ussat nakgaşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat eserleri bu serginiň gözelligine gözellik goşýar. Sungat eserlerinde türkmen gyz-gelinleriniň nusgalyk keşdelerini öz eserlerine siňdiren sungat ussatlary birnäçe işleri görkezilýär. Ýurdumyzyň ussat suratkeşleri, Ýakup Annanurowyň “Tikinçiler”, “Halyçy zenan”, Babageldi Owganowyň “Gelniň portreti”, Saparmämmet Meredowyň “Nagyş” Ýewgeniýa Adamowanyň “Enelik”, Ýuliýa Daneşwaryň “El işiniň başynda”, Sülgün Hojagulyýewanyň “Toý”, “Üme” ýaly eserlerinde türkmeniň keşdeçilik däpleri we nusgalary wasp edilýär. Türkmen halkynyň taryhyny we medeni-syýasy durmuşyny beýan etmek türkmen sungatynyň häsiýetli aýratynlygydyr.Türkmen şekillendiriş sungatynda halkyň durmuşyny we adamyň ruhy dünýäsi has dolulygy bilen döredýän tematik eserler bilen baglanyşyklydyr. Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde taryh, durmuş sahnalary çeperçilik aýdyňlygynyň milli durmuşyň we ýaşaýşynyň özboluşly sahnasyny ynandyryjy hakykylygynda mazmunynyň milli aýratynlyklaryny kesgitleýär.
Şular ýaly ajaýyp sergilerimizi gurnamaklygymyza şeýle hem türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý, parahat Watanymyzda toýlar- toýlara ulaşsyn!