«Kökleseň kösti bolmaz» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
Türkmen halkynyň baý milli mirasynyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, milliligini görmek bolýar. Nepislik, inçelik bilen çekilen keşdeleriň her biri türkmen milliligine bolan buýsanjy oýarýar. Türkmen «Keşdeçilik sungatynyň» Birleşen milletler guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem gelin-gyzlarymyzyň bu inçe sungatynyň ähmiýetini dünýä ýüzüne ykrar etdi.
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölüminiň ýanynda «Zenanlaryň keşdeçilik sungaty merkezi» döredildi. Ýaňy ýakynda şol ýerde «Kökleseň kösti bolmaz» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda keşde gaýaýan gelin-gyzlaryň nagyşlara öz içki duýgularyny siňdirip, ýürek arzuwlaryny beýan edýändigi hakynda Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Amansoltan Annaçaryýewanyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gülendam Hapyzowanyň hem-de Arkadag şäheriniň awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň baş hünärmeni Aýnabat Amanmyradowanyň, şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Akgül Gurbanmämmedowanyň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamakda muzeýde ýerine ýetirilýän işler dogrusynda, türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginden, çeper ellerinden dörän nepis keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip öz gymmatyny ýitirmän, eýsem döwrebaplaşyp häzirki günlerimizde hem ajaýyplygy bilen ýakymly täsir goýýandygy barada beren gürrüňleri dabara gatnaşanlarda täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige birnäçe myhmanlar gatnaşdy.
Şeýle merkezleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.