«Gamly günler gaýtalanmasyn!» atly sergi geçirildi
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini, 1941-1945-njy ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryny, şeýle-de 1881-nji ýylyň Gökdepe galasyny gaýduwsyz goran gerçekleri hatyralap «Gamly günler gaýtalanmasyn!» atly sergi geçirildi.
Sergide halypa suratkeşleriň Ý.Annanurowyň «Gökdepe bosgunlary», A.Hajyýewiň «Ejejan, sen näme üçin aglaýarsyň?», G.Bekmyradowyň «1941-nji ýylda doganymyzy ugratdyk», G.Kakabaýewyň «Hatyra» atly nakgaş eserleri, şeýle hem heýkeltaraşlar M.Ýüzbaşowyň «Garaşmak», M.Nurymowyň «Ýer yranmasy» we A.Meredowyň «Ene» atly heýkel eserleri hem pajygaly hadysalary suratlandyrýar. Bulardan başga-da, M.Muhammetmyradowyň «Agyr ýyllar», Ý.Baýramowyň «Ajy habar», T.Esenmämmedowyň «Ýer titreme», A.Kulyýewiň «Dileg», M.Nurymowyň «Hasrat» atly eserleri tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sungata öwrülen gamgyn durmuşyny aýdyň görkezýär.
Merdana türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy biziň kalbymyzda baky ýaşasyn! Hatyra gününde öten-geçenleri ýatlap eden aýat-töwirleriňiz hak dergähinde kabul bolsun!