Wirtual muzeý: döwür bilen aýakdaş


Wirtual muzeý: döwür bilen aýakdaş



Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär.
Indi ata Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak isleýän syýahatçylar özleriniň kompýuterlerinde hem-de ykjam telefonlarynda internet arkaly «virtualmuseum.gov.tm» websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýerlerinden hem synlap bilerler.
Täze açylan wirtual muzeýde suratlary 360 gradus (derejede) hereketlendirip bilýän iň häzirki zaman tehnologik usul ulanylypdyr. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, ähli ulgamlara sanly usullary ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde döredilen wirtual sergi muzeý gymmatlyklary bilen ilaty has amatly usulda tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýaşaýjylar, şeýle-de muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýan daşary ýurtlular wirtual usul arkaly muzeýe syýahat edip, eksponatlar bilen tanşyp bilýärler.
Häzirki wagtda bütin dünýäde wirtual usul örän işjeň ösdürilýär. Olaryň medeniýet we sungat ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylmagy, adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýybana syýahat etmäge şert döredýär.

Wirtual muzeýler döredilende, esasan-da, dürli derejeli interaktiw we panorama döretmäge mümkinçiligi bolan, 360 gradus (derejeli) hereketi ýola goýup bilýän tehnologiýa uly ähmiýet berilýär. Bu tehnologiýa muzeýiň hil taýdan täze derejä geçmegine täsir edýär. Esasy artykmaçlygy bolsa panoramik şekilleriň üsti bilen, diňe bir muzeýiň sergi zallaryny däl, eýsem, köp sanly maglumatlary özünde jemleýän gaznasy, arhiwleri, taryhy ýadygärlikleri hem synlap bilmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Şeýle hem täsin eserler, köne kartalar, halylar baradaky maglumatlar bilen jikme-jik tanşyp bolýar.
Ýakyn geljekde Türkmenistanyň beýleki muzeýlerini hem wirtual görnüşe geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýanlar, şeýle-de öz raýatlarymyz üçin milli gymmatlyklara gaýybana syýahat etmäge özboluşly we amatly mümkinçilik bolar.
Şeýlelik bilen, türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basarlar.

Aşyr SAPAROW