Gülden görkli gül tahýam


Gülden görkli gül tahýam



Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Gülden görkli gül tahýam» atly bäsleşik geçirdi. Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, gyz-gelinlerimizi ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli lybaslarymyzy has içgin öwrenmegini gazanmakdan we ökde keşdeçi ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu nepis sungaty ýaşlarymyza öwretmek, olarda zähmetsöýerlik, sabyrlylyk, geçirimlilik, Watana, maşgala ojagyna wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de türkmen keşdeçiligini dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler edilýär.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň dabarasy Döwlet muzeýinde geçirilip, ol ýerde muzeýiň gaznalarynda saklanylýan tahýalaryň gadymy nusgalary, şeýle hem bäsleşige gatnaşan talyp gyzlaryň öz bejeren ajaýyp tahýalary görkezildi.

Bu dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Maýsagül Geldiýewa gutlag sözi bilen açdy. Soňra dabarada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Maýsagül Geldiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Baýramgül Baýramdurdyýewa we tapawutly orun alan talyplar çykyp geplediler. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Gülden görkli gül tahýam» atly bäsleşigiň çäginde guralan sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler. Bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.