Aşgabatda balkanly suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň toparlaýyn sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çary Ýazmyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Akmyrat Muhadow, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň başlygy Gözel Hakberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasynyň başlygy Kuwwat Mämmetnepesow dagy çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň toparlaýyn serginiň geçirilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de sergide paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hödürlenýän döredijilik eserleriniň köpöwüşginligini, her bir sungat eserinde özboluşly bir wakalaryň beýan edilýändigini buýsanç bilen bellediler.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Kuwwat Mämmetnepesow, Gurbandurdy Tekäýew, Näzmämmet Satlykgulyýew, Tekemämmet Annamämmedow, Annadurdy Hojaýew, Röwşen Çopanow, Rahat Bäşimow, Hatyja Amansähedowa, Atda Atdaýew ýaly halypa we ýaş zehinli suratkeşleriň 320-den gowrak nakgaş, grafika, heýkel we amaly-haşam sungat eserleri görkezilýär.
Sergide ýaýbaňlandyrylan döredijilik eserleriniň mowzugy giň göwrümli bolup, olarda eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşymyz çeper suratlandyrylýar.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasynyň başlygy Kuwwat Mämmetnepesowyň eserlerinden «Sungat natýurmordy», «Nohur obasy», «Ýyldyrym», «Üç göz», «Çeleken Daş bina», «Sünt Hasar dagy», «Soltan Tekeşiň mawzoleýi» ýaly eserleri hem-de suratkeş Gurbandurdy Tekäýewiň eserlerinden «Garrygala etýud», «Aşyk oýuny», «Dehistanyň baýrynda», «El hünäri il gezer», «Leýli-Mejnun», «Türgenleşik», «Hoş gal Gözel Şirgazy», «Öýke», «Daýhanlar», şeýle-de Mekan Amanowyň eserlerinden «Maşat Misseriýan», «Ýagmyr ýagdyr Soltanym!», «Bäs eýlär», «Dehistanyň baýrynda» atly triptih «Ýortan-ozar» ýaly eserleri özboluşly çeperçiligi bilen tapawutlanýar.
Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň Aşgabatda geçirilýän sergisi 10 gün dowam eder.