Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi – müňýyllyklaryň mirasy» atly ylmy maslahat we sergi geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi – müňýyllyklaryň mirasy» atly ylmy maslahat we sergi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň soňky nesillere galdyran gymmatly mirasydyr. Şeýle bolansoň ýurdumyzyň alymlary tarapyndan öwrenilip, bu ýadygärliklerde gerek bolan rejeleýiş işleri geçirilip durulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda daşary ýurtly hünärmenler bilen hem maslahatlaşyp işlemäge köp mümkinçilikler döredilýär.

Ahal welaýatynyň Kaka etraby Türkmenistanda gadymy ýadygärliklere iň baý etraplaryň biridir. Bu ýerde resmi guramalar tarapyndan iki ýüze golaý taryhy, arheologik hem-de binagärlik ýadygärlikleri hasaba alyndy. Geçmişden bize miras galan köşgi-eýwanlaryň, ymaratlaryň elbetde, hemmesi däl-de, käbiri şu günki gün hakykatdan hem binagärlik sungat eseri diýlip ykrar edilýär.

Şeýle gymmatly binagärlik ýadygärlikleriň hatarynda Mäne baba kümmeti aýratyn bir orny eýeläp, türkmeniň gadymy Haweran düzünde Mäne-Çäçe ýaýlasynda indi müň ýyla golaý wagt bäri buýsançly başyny belent tutup otyr.

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi – müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň gatnaşmagynda ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan we Tähran şäherlerinde ýerleşýän uniwersitetleriniň pars dili we edebiýaty mugallymlary hem gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Maslahatyň çäklerinde Mäne baba bagyşlanyp muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy. Maslahatdan soňra myhmanlar muzeýde guralan sergini aýlanyp gördüler.