«Ylym – ýurduň kuwwaty»


«Ylym – ýurduň kuwwaty»



Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar güni 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar gününe bagyşlanyp «Ylym – ýurduň kuwwaty» atly sergi gurnaldy.
Sergi hormatly Prezidentimiziň ylym barada aýdan dana sözleri bilen başlanýar. Sergide lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda lukmançylyk ylmynda gazanylan beýik ösüşlere degişli foto suratlar, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada ýazan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly» köp jiltli ensiklopedik işi hem-de ýurdumyzyň alymlarynyň ylmyň dürli pudaklaryna degişli birnäçe kitaplary görkezildi. Bulardan başga-da Döwlet muzeýiniň ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, XX asyrda arheologiýa, etnografiýa, filologiýa, geologiýa, biologiýa, paleontologiýa ylymlary bilen bagly alnyp barlan ylmy barlaglar barada gürrüň berýän dokumental fotosuratlar goýlupdyr. Bu ylymlar bilen bagly muzeý gymmatlyklary, Türkmenistanyň çäginden tapylan keramika gaplary, arhitektura bezeg bölekleri, daşa öwrülen jandarlaryň galyndylary, mineral daşlaryň dürli görnüşleri, haýwanlaryň gäpleri, ösümlikleriň gerbariýleri, mikroskoplaryň dürli görnüşleri, laboratoriýa esbaplary serginiň merkezinde görkezilýär. Serginiň dowamynda muzeý gymmatlyklarynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhyna bagyşlanyp ylmy işgärler tarapyndan ýazylan ylmy maglumatlar, makalalar, gollanmalar we kitaplar hem görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň regional geologiýa bölüminiň uly ylmy işgäri Tatýana Gluşkowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kаndidaty Çarymyrat Taganow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Güljahan Ballyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin çykyp geplediler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň talyplary, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Ylym – ýurduň kuwwaty» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.