Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 77 ýyllygy mynasybetli «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly sergi geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 77 ýyllygy mynasybetli «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly sergi geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen abadançylygyň, parahatçylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan ata Watanymyz merdana halkymyzyň yhlasy we tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde, ýer ýüzünde dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Çünki döwletimiz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýedir. Munuň özi milletimiziň jebisligini, eziz Watanymyza, onuň taryhyna we häzirki gününe buýsanjyny, röwşen geljegine ynamyny artdyrýar. Asuda, parahatçylykly Bitarap Watanymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan,watansöýüjiligi, mertligi, edermenligi gahrymançylygy bilen taryhda ebedilik yz goýan merdana pederlerimiziň sarpasy belentdir. Çünki watanymyzyň üstüne howp abananda, söweş meýdanynda halkyň abadançylygynyň, asuda durmuşynyň, şu günki eşretli zamanamyzyň hatyrasyna gahrymanlarça söweşen gerçek ýigitleriň geçen ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdep bolup, olalyň kalbynda hem aňynda hemişelik ýaşaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 77 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Türkmen gerçek ýigitleri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda mähriban Watanymyzy gorap, ýeňiş gazandylar. Ýokary batyrgaýlyk we erkinlik, edermenlik hem-de gahrymançylyk ruhuna beslenen köp asyrlyk taryhymyzda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygy türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Adamzat nesliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döş gerip söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna hem-de atalaryny, agalarydyr inilerini, ýanýoldaşlaryny Watan goragyna ugradyp, tylda jan aýaman zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligine biz bu günki gün çäksiz hormat goýýarys.
Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.
Serginiň girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, parahatçylygy, asudalygy wasp edýän zergärçilik eserlerine hem görnükli ýerde orun berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly kitabynyň şekili çitilen haly pannosy bu sergä aýratyn gelşik berýär. XX asyryň iň gazaply urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabarasynyň pursatlaryny suratlandyrýan fotosuratlar görkezilýär. Şeýle-de, Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary sergilenýär. Sergide 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny, söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretleri, söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallary, frontdan gelen üçburçly hatlary, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy dokumentlerini synlamak bolýar.