BAÝRAMÇYLYK SERGISI


BAÝRAMÇYLYK SERGISI



Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!» ady bilen baýramçylyk sergisi açyldy.

Birnäçe gün dowam etjek sergide ussat heýkeltaraşlaryň, halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň iň gowy işleri görkezildi. Ýolmämmet Annaýew, Aziza Öwezmyradowa, Allaberdi Amangeldiýew, Myrat Kulyýew ýaly ýaş suratkeşleriň döreden sungat eserleri reňkleriň öwüşgini bilen biri-birinden özboluşly tapawutlanýar. Mundan başga-da, Gülara Babaýewanyň, Maral Ataýewanyň keramika eserleri hem baýramçylyk sergisine aýratyn bezeg berdi.