«Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly muzeýara ylmy-usuly maslahat
2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly onlaýn arkaly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan gurnaldy. Oňa welaýatlaryň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri, şeýle-de Aşgabat şäheriniň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy we alyp bardy. Şeýle hem, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Nurmuhammet Nuryýew, Döwlet muzeýiniň Muzeý gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölüminiň esasy hünärmeni Akbike Jumaýewa, Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri Altyn Nuryýewa gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapýar» diýip, belläp geçdiler.
Ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylar Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmekde milli medeniýetimize uly üns berilmeginiň, milli mirasyň dikeldilip, döwlet syýasatynda, aňyýet ulgamynda onuň möhüm orna eýe bolmagyny aýratyn belläp geçdiler. Türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň beýik taryhyna, baý milli mirasyna çuňňur göz ýetirmegini gazanmak bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Bu bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligi pugtalandyrdy. Halkymyzyň aň düşünjesinde Berkarar döwletimiziň beýik geljegine ynamy hasda pugtalandyrdy diýip belläp geçdiler.
Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew maslahaty jemläp, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly uzak aralykdan birek-birek bilen maslahatlaşyp, tejribe alyşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin ýurdumyzyň ähli muzeýleriniň işgärleriniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.