“Kalby bahar zenanlar”


“Kalby bahar zenanlar”



Baharyň ilkinji günleri bilen gelýän mährem baýramçylyklarymyzyň biri-de hormata, uly sarpa mynasyp owadan gelin gyzlarymyzyň, nurana keşpli enelerimiziň güni bolan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramydyr. Hormatly Prezidentimiz: “Eziz enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň, hormatly gyz-gelinlerimiziň bagtyýarlygy halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr” diýip bellemek bilen, türkmen zenanlaryna uly hormat goýýar. Bu hormat-sylag biziň her birimize ganat bekläp, öý-ojagymyzy gorap saklap, çuňňur söýgimiz hem gyzgyn mährimiz bilen maşgalada, jemgyýetde we döwletde parahatçylygyň, agzybirligiň saklanmagyna ýakyndan ýardam etmegimize ruhy güýç berýär.

Ýaz paslynyň ajaýyp baýramy - Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Kalby bahar zenanlar” atly sergide halypa suratkeşlerimiziň şeýle-de ýaş suratkeşleriň döreden eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide birnäçe bezegli keramika, nakgaş, amaly-haşam sungaty eserlerinde eneleriň, gelin-gyzlaryň gözelligini wasp edýän sungat gözelliklerini görmek bolýar.

Sergidäki eserleriň arasynda ussat suratkeşler Rahman Umarowyň “Näzli”, Gülşat Annamyradowyň “Irden günüň dogşy”, Tamara Kiselýowanyň “Geljege garaýyş”, Saparmämmet Meredowyň “Zenanlara bagyşlap”, Tuwak Sähedowanyň “Söýli halan”, Aýa Serhenowanyň “Türkmeniň baýlygy”, Aýjeren Meredowanyň “Owadan güller” ýaly döreden nakgaş eserleri şeýle hem birnäçe ussat keramikaçylarymyzyň döreden ajaýyp keramika küýzeleri görkezildi. Olardan Maral Ataýewanyň “Müsür”, Annameret Taganowyň “Bezeg güldan”, Gülara Babaýewanyň “Balykgulak” ýaly eserleri bolup sergä ajaýyp öwüşgün çaýdy.