Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda göçme sergiler gurnaldy



2023-nji ýylyň 9 — 14-nji oktýabry aralygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we «Magtymguly Pyragy we edebi miras» atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap sergisi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda gurnaldy.

Muzeýiň gaznasyndaky gymmatlyklardan düzülen göçme sergide ussat halypa suratkeşleriň nakgaş, heýkel we keramiki eserleriniň birnäçesi mynasyp orny eýeleýär. Bu eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz täze öwüşginde şöhlelendirilýär.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şeýle hem türkmen medeniýetine we sungatyna degişli gollanmalar ýaşlarda kitaba bolan söýgini artdyrýar.