Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň “Mukamlar köşgünde” geçirilen göçme sergi


Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň “Mukamlar köşgünde” geçirilen göçme sergi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda geçirilýän döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary, konsertler, festiwallar, sergiler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär, Diýarymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde muzeýiň ajaýyp eserlerinden baýramçylyk sergisini gurnady.

Sergide ussat suratkeşler Ý.Annanurowyň “Baýrak gazanan”, K.Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, W.Kudrýaşowyň “Baýramçylyk” ýaly birnäçe eserler sergilendi.

Şular ýaly sergilerimizi halk köpçüligine ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.