Saglygym baýlygym


Saglygym baýlygym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde aprel aýynyň 7-sine bellenilýän bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Saglygym baýlygym» atly sergi gurnaldy.

Sergide sagdyn durmuş ýörelgeleri, sagdyn ruhuň özenini düzýän muzeýiň gaznasynda saklanýan eserleri, ýagny ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň A.Kulyýewiň, Ý.Annanurowyň, N.Dowodowyň, G.Meredowyň heýkeltaraşlar A.Abramowyň, M.Nowikowyň, B.Esengeldiýewiň, M.Ataýewanyň we külalçy ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat gözellikleri bu sergide öz ornuny tapýar. Şeýle hem sergide A.Kulyýew «Tebip», N.Dowodowyň «Oba hassahanasynda», «Lukman Gylyç Şahalyýewiň portredi», Ý.Annanurowyň «Lukman Saçly Dursunowanyň portredi», N.Dowodowyň «Şepagat uýasy», T.Esenmammedowyň «Saglyk işgärleri çopanlaryň arasynda» ýaly birnäçe özüne çekiji ajaýyp sungat eserleri ýerleşdirilen.

Berkarar döwletimizde asuda, parahat asmanyň astynda halkymyzyň bagtly ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!