Halk suratkeş Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergisi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde halk suratkeş Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlananýatlama sergisi



2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň 120 ýyllygy mynasybetli “Bäşim Nuralynyň milli öwüşginli eserleri” atly döredijilik sergisi we ylmy amaly maslahat geçirilýär. Sergi Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde gurnaldy. Serginiň maksady halypa suratkeşiň muzeý gaznasynda saklanýan taryhy eserlerini we mekdebiň arhiwinde saklanýan resminamalaryny, saz gurallaryny, hut Bäşim Nuralynyň şahsy esbaplaryny halka görkezmekden ybaratdyr.

Gözellikleri çyn ýürekden zehine ýugrulan, ilkinji türkmen suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi adyny ilkinji bolup alan Bäşim Nuralydyr. Ol 1900-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabadyň golaýyndaky obada daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň sungatyň nakgaşçylygyna bolan höwesi ýigrimi ýaşlarynda döräp onuň eline galamdyr çotga alyp, ajaýyp nakgaş eserleri döretmegine itergi berýär. Bäşim Nuralynyň köp taraply döredijiligi bolupdyr. Onuň halypalary ussat suratkeşler Ruwim Moiseýewiç Mazel bilen Aleksandr Pawlowiç Wladyçukdy. Ol nakgaş eserlerini döretmekden başgada goşgy ýazmak, saz çalmak, dürli görnüşli saz gurallary ýasamak bilen hem meşgullanypdyr. Bäşim Nuraly zarpçy mekdebi tamamlandan soňra 1925-nji ýylyň tomsunda Moskwanyň çeperçilik işçi fakultetine girýär, ol ýerdenem hiç bir synagsyz zehinli suratkeş höküminde ýokary çeperçilik tehniki ussahana professor Pawel Wartolomeýewiç Kuznesowyň monumental-nakgaşçylyk klasyna okuwa girýär, ony 1930-nji ýylda tamamlaýar we soňra Aşgabada gelip Türkmenkinofabrikasynyň direktorynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Zarpçy sungat mekdebinde okan teatr sungaty sapaklary Bäşim Nurala şu ýerde kömegi degýär ol “Ýedi ýürek”atly Türkmen filminde hem kino düşüp, öz ussatlygyny görkezýär. Ol şondada nakgaşçylyk eserlerini döretmekde öz zehinini başarnygyny gaýgyrmaýar.

Bäşim Nuraly 1939-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan mugallymy,1947-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly atlara eýe bolýar. onuň döreden eserlerinden 1949-njy ýylda ýerine ýetiren “Pile ýygymy”, “Gaýdyp gelmek”, “Türkmen ýaşulusynyň portreti”, “Üzüm ýygymy”, “Gurban baýram” we başgada birnäçe eserleri sergä aýratyn ajaýyp öwüşgin çaýýar. Sergide B.Nuralynyň 1923-nji ýylda döreden “Gurban baýram” atly eserinde millilige baý şekiller bilen ýerine ýetirlip eseriň çarçuwasy kendir ýüzünde ajaýyp nagyşlar bilen beýan edilýär, eseriň merkezinde dag eteginde etekläp oturan bir obanyň Gurban baýramyny uly şatlyk bilen belläp ýören pursatlaryny görkezýär. Eserde milli lybasly ýigitler hem-de gyz gelinler şekillendirilen bu eseri synlap milli häsiýete ýugrulan suratkeşiň ykbalyna, göz ýetirýärsiň,we başgada nakgaş eserlerinde şeýle millilik her bir sungaty söýüji muşdaklara özüniň täsirini ýetirýär.