«Arzuwlar siňen alaja» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


«Arzuwlar siňen alaja» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň gurnamagynda «Arzuwlar siňen alaja» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen çärede mährem ene Eneş Atabaýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Çynar Mämedowa, Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, bagşy Soltanbagt Rejepowa, şeýle-de Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Ýaňyl Akyýewa dagy çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň çeper elinden çykan, nepis örülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy.

Taryhy ähmiýetli waka mynasybetli geçirilen bu çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde-de sarpalanýandygy, Ogulabat ejäniň türkmen zenanlaryna görelde mekdebi bolan nepis el işleriniň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedigi aýdyldy. Mundan başga-da, wagyz-nesihat çäresinde alajanyň türkmen zenanlaryna mahsus bolan gadymy el işleriniň biridigi, bu inçe sungatyň ynsany göz-dil degmekden, erbet nazarlardan goraýandygyna ata-babalarymyzyň berk ynanandyklary barada gürrüň edildi.