Göçme sergi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny ylmy taýdan çuňňur öwrenip, mekdep okuwçylarynyň ünsüni çekmek, geljekki nesillerimize ýetirmek babatda milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Tomusky dynç alyş möwsümine çykan mekdep okuwçylaryny, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Ol merkezlerde çagalar üçin peýdaly duşuşyklar yzygiderli geçirip durulýar.
Ýakynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady. Sergide milli egin-eşiklerimiz, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezildi.