«Diýarym asuda–ýurdum parahat» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik


«Diýarym asuda–ýurdum parahat» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

«Diýarym asuda–ýurdum parahat» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik



Garaşsyz, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk syýasaty bütin dünýä nusgalyk göreldedir. Bagtyýar türkmen halkymyz 2022nji ýyly – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şatlyk-şowhun, uly buýsanç duýgulary bilen garşy aldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni, her bir ýyly beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýär. Bu bolsa parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ýetilen bu bagtyýar durmuşyň geljekde hem dowamat-dowam boljakdygyna ynamy artdyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli gymmatlyklarymyza täze ömri bagyş etdi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen «Diýarym asuda–ýurdum parahat» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kino we teleradio sungaty» kafedrasynyň mugallymy Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy Bahar Magtymowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gunça Gurbangeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti bölüminiň ylmy işgäri Suraý Mergenowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow çykyş edip, Watanymyzda asudalygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha kämilleşýänliginiň netijesinde, ýurdumyzyň ösüşlere we üstünliklere beslenýändigi barada belläp geçdiler.
Bu maslahat Halkyň Arkadagly Zamanasynda medeniýet we sungat ulgamynda geçiriljek işleriň, medeni çäreleriň öňde goýulan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşmasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!