Ogulabat ejäniň gymmatly sowgady


Ogulabat ejäniň gymmatly sowgady



2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň hem-de ören jorabynyň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirdi. Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Muzeýiň ylmy işgärleri halkymyzyň däp-dessurlary, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, aýratyn-da türkmen kürtesi we keşdeçilik sungaty barada gürrüň berdiler. Hünärmenler Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen gyzyl kürtäniň we gülli jorabyň 1971-nji ýylda baldyzy üçin niýetläp edenligi we 20 güniň içinde ýerine ýetirenligi barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Ogulabat ejäniň gysga wagtyň içinde şeýle nepis kürtäni bejerip ýetişdirmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden, tutanýerliliginden habar berýär. Tikin tikip, keşde gaýamak aňsat iş däl, emma muňa garamazdan, Ogulabat eje bu kürtäni şeýle inçe ýüpekler bilen, şol döwre mahsus keşdeleri salyp, reňklerini sazlaşykly ulanyp, nepis sungat eserini döredipdir. Muzeýiň işgärleri Ogulabat ejäniň el hünäri, çeperçilik ussatlygy barada aýdyp, öz sünnäläp bejeren kürtesini muzeýe tabşyrmak bilen nusgalyk görelde görkezenligi barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Gelin-gyzlarymyzyň däp-dessurlarymyzy gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyryp bu gün mynasyp dowam etdirilýänligi barada hem durup geçdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünärini siňdiren, sünnäläp bejeren kürtesini we gülli jorabyny synlap, öz ýürek joşgunlaryny beýan etdiler. Bu kürtäniň hem-de ýüň jorabyň muzeýe gowşurylmagy muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna, şeýle hem milli mirasymyzy giňden wagyz edilmegine uly goşant boldy.