«Ene mähri siňen sungat» atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda
ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň maşgala mukaddesligini wagyz edýän «Ene mähri siňen sungat» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Halkyň taryhy mirasynyň ýitip gitmezligi we milli özboluşlylygyny şöhlelendirmek üçin olary bir ýere ýygnap saklamak, ylmy taýdan öwrenip, ýaş nesle ýetirmelidir. Türkmen halkynyň, maddy-medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary, el-hünärleri örän gadymydyr.
Türkmen halky özboluşly maddy we ruhy medeniýetine, tutuş adamzadyň ruhy hazynasyna ägirt uly goşandyna buýsanmalydyr. Milli Liderimiz halkymyzyň ruhy isleglerine we barha ösýän medeni gyzyklanmalaryna, milli medeniýetimiziň we dessurlarymyzyň aýratynlyklaryna halka ýaýmaga zerur şertleri döredýär. Her halkyň aýratynlygyny alamatlandyrýan zatlaryň biri-de olaryň özüne mahsus milli
egin-eşikleridir. Milli egin-eşikler halklary biri-birinden tapawutlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň ýaşaýyş-durmuş keşplerini hem häsiýetlendirýär.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Annaýewa, şahyr Gülşirin Hanowa, zergär Aýjemal Çaryýewa, muzeý işgäri Käkilik Öwezberdiýewa dagylar çykyş edip, türkmeniň bagşyçylyk, zergärçilik, haly dokamak, şekillendiriş sungaty, millilik, edep-terbiýe barada gyzykly söhbetler edildi, bagşy-sazandalaryň aýdymlary, artistleriň çykyşlary şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň folklor çykyşlary ýerine ýetirildi.
Dabaranyň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýakup Annanurowyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň türkmen medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, sungatyny wasp edýän nakgaş, heýkel we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergisi ýaýbaňlandyryldy.