«Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty»


«Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty»



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2020-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna «Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty» atly sergisi açyldy. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, binagärlik we dizaýn eserleri görkezilýär.

Döwrüň sesine ses goşýan şekillendiriş sungatynyň ýaş wekilleri türkmen sportunyň ösüşini, türgenleriň gazanýan ýeňişlerini, sportuň adam saglygyna uly peýdasynyň bardygyny wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler. Ol ajaýyp eserler bolsa her bir tomaşaçyda uly gyzyklanma we täsir döredýär.

Ýaş suratkeş talyplar Eziz Kakabaýewiň «Küşt», Yhlas Allanazarowyň «Awiasport», Bagtyýar Begsähedow «Konkur», Agaberdi Rejepowyň «Türgenler», Bally Öräýewiň «Küşt çemionynyň stoly» we beýlekileriň nakgaş taslamalarynyň gözleg işlerinde türkmen sportunyň waspy beýan edilýär. Şeýle hem sergide grafik işleri bilen maksada okgunlykly çemeleşen talyplardan Güljahan Garaýewanyň «Owlak gapdy», Ogulnur Poladowanyň «Küşt», Rejep Garaýewiň «Buýsançly ýeňiş», Maýsa Amangylyjowanyň «Hokkeý» atly gözleg taslamalaryny belläp geçmäge mynasypdyr.

Sergide dizaýn gözleg taslamalary hem şowly çykypdyr. Jahan Atdaýewanyň «Sagdynlygyň mekany», Jemal Goçgulyýewanyň «Çapyksuwarla», Arslan Çerkezowyň «Futbol», Şyhy Öwülýagulyýewiň «Bagtyýarlygyň mekany» atly dizaýn taslamalarynda täzeçillik, döwrebaplyk duýulýar.

Zehinli talyplaryň ýerine ýetiren gözleg taslamalarynda eziz Watanymyzyň sport äleminde gazanan üstünlikleri, adamlaryň şadyýanlygy, gözel tebigatymyz beýan edilýär. «Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty» atly döredijilik serginiň dowamy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda hem geçirilýär. Geljekki sergide gutarnykly, many-mazmuna baý taslamalar bilen ýaş suratkeş talyplar öz eserlerini tomaşaçylara görkezerler.