Watan goragy – mukaddesligiň goragydyr


Watan goragy – mukaddesligiň goragydyr



2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp “Watan goragy – mukaddesligiň goragy” atly sergi gurnaldy.
Her ýylyň ýanwar aýynyň 27-sine giňden bellenýän bu baýramçylyk biziň keramatly ene topragymyzy, mukaddes Watanymyzy goramak ugrunda edermenlik görkezen ata-babalarymyza, olaryň mertlik mekdebini özlerine nusga edinip gulluk edýän watançy esgerlerimize goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, Ýaragly Güýçlerimiz goranyş häsiýetli Milli Goşuna öwrüldi. Pederlerimiziň pedagogik mirasy, harby sungaty, pähim-paýhaslary, gahrymançylykly söweş ýoly, ata Watanymyzyň polat galkany bolan şir ýürekli merdana harby gullukçylarymyza öz gulluk borçlaryna bolan söýgüsini artdyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan bu sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bagly muzeý gymmatlyklary bilen açylýar. Onda döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw- türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Türkmenistan Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar we beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Bulardan başga-da serginiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, Milli Goşunymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary serginiň görnükli ýerinden orun aldy.
Şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli halylar we pannolar sergä aýratyn gelşik berýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça kafedrasynyň mugallymy Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçysy Begenç Amangeldiýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçysy Şöhrat Rejepow gatnaşdylar.