Muzeýe gezelenç


Muzeýe gezelenç



Berkarar döwletimizde «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň «Sanly ykdysadyýet» fakultetiniň talyplary muzeýe gezelenje geldiler. Talyplar muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän eserlere uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Bu ýerde Günbatar Ýewropanyň, Russiýanyň, Gündogar halklaryň sungaty şeýle-de, Türkmenistanyň Gadymy sungatyndan başlap onuň şu günlere ýeten derejelerini beýan edýän sergi bölümleri talyplarda öz täsirini galdyrdy.
Muzeýiň hünärmenleri talyplary eserler bilen tanyşdyryp, giňişleýin wagyz işlerini geçirdiler. Ýaşlarymyzda şekillendiriş sungatyna bolan söýgüni döretmekde muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän eserleriň ähmiýeti örän uludyr.