Aşgabatda «Bitaraplyk – bagtyň baky bahary» atly sergi geçiriler
Şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Bitaraplyk – bagtyň baky bahary» atly sergi geçiriler.
Bu sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, halypa mugallymlar we ýaş zehinli suratkeşleriň 77-den gowragy nakgaş, keramika, grafika, gobelen ýaly sungat ugurlary boýunça öz eserleri bilen gatnaşýar. Eserleriň mowzugy giň gerimli bolup, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny, şöhratly taryhymyzy, abadan parahat ýurdumyzy, gündelik durmuşymyzdaky wakalary çeper suratlandyrylýar.
Olardan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Saparmämmet Meredowyň «Çopan oglanlar», «Parahat asman», «Geçmişden şu güni», «Çeşme çemenlikleri», «Biziň şäherimiz», «Meniň topragym», «Çölde»; Meret Gylyjowyň «Joşgun»; Gahryman Goçmyradowyň «Näme sen»; Orazgylyç Öwezowyň «Peýzaž», «Alma we gül», «Natýumort», «Gül çemeni», «Güller we ir-iýmiş», «Ak daglar»; Anna Jumanyýazowyň «Ýaşyl natýumort», «Kädili natýumort», «Giorgiýem natýumort»; Polat Garryýewyň «Ene»; Aleksandr Kinýakinyň «Bagşy» ýaly eserleri sergide görkezilýär.