Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny» atly II bölüm


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny» atly II bölüm



2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny» atly ikinji bölüminiň dowamynda şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary, häzirki zaman milli sungatymyz barada gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty asyrlaryň döwamynda kemala gelip, onda türkmen suratkeşleriniň uly topary döredijiligiň belent nusgasyny nesillere miras goýdular. Olaryň muzeý gaznasyndaky eserleri türkmen gymmatlyklary hökmünde goralyp saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň Bäşim Nuraly, Yzzat Gylyjow, Ýakup Annanurow, Aýhan Hajyýew, Nyýazmyrat Dowodow, Juma Jumadurdy ýaly meşhur suratkeşleriniň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr, Olaryň döreden eserleri öz döwründe türkmen halkyna uly ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere atardy» diýip, adalatly belleýşi ýaly olaryň muzeý gaznasyndaky döredijilik ummany geljek nesillere mekdep bolup hyzmat edýär we ýagty ertirlere atarýar.
«Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny» atly ikinji bölüm Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazowyň alyp barmagynda, Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýew, Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Aşyrmuhammet Kulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Bahar Annagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Maýa Jumanyýazowa we başgalar şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny, onuň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti, türkmen taryhy, nakgaşçylykda watansöýüjilik waspy barada çykyş etdiler.
Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan sungat eserlerinden sergi guraldy.
Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bimöçber mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!