Hünär tejribeligi- üstünlikleriň açary


Hünär tejribeligi- üstünlikleriň açary



Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy biziň jemgyýetimiziň düýpli täzelenişiniň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyçlarynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ýurdumyzda medeni mirasymyzyň yzygider öwrenilmegi, taryhy gymmatlyklarymyzyň geljek nesilleriň hatyrasyna aýawly gorap saklamanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan baý mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň kamilleşmegine, we rowaçlanmagyna uly ýardam edýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň milli medeniýeti gülläp ösýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp muzeýleriniň biri bolan “Watan mukaddesligi” muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2022-2023-nji okuw ýylynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda 5-nji ýyl talyplary terjimeçilik tejribeligini geçýärler. Talyplar terjimeçilik tejribeligi geçýän günlerinde muzeýiň ýörite hünärmenleriniň tanyşdyrmagy esasynda gezelençler guralyp muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşýarlar. Muzeýiň bölümlerini uly gyzyklanma bilen synlan talyplar gezelenjiň beýanyny ýagny rusça, iňlisçe, nemes, türkçe, özbek dilleri ýaly dürli dillerde hut öz islegleri bilen hünär tejribeliginde ýörite taýýarlan işlerini muzeýiň hünärmenlerine öz başarnyklaryny görkezmek bilen tejribeligini dowam edýärler. Muzeýde ýerleşdirilen (audiogid) elektron sanly ulgam enjamy has-da täsir galdyrdy. Geljekde muzeý işgärleri terjimeçilik tejribeligini geçýän talyplar bilen bilelikde bu usul bilen baglanyşykly ýazgy esasynda özbek dilinde gezelenjiň audiogid arkaly düşündirilişini taýýarlamak meýilleşdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek barada yzygiderli aladalar edýär. Her bir işde milli ýörelgämizden ugur alyp, nusgalyk görelde görkezýär.

Bu gün ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda muzeý işleriniň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Arzygül HUDAÝGULYÝEWA.