Zenan waspy
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde zenanlaryň waspy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik hem-de «Gülden görkli gözeller» atly sergi gurnaldy.
2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň aňynda milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini giňden ornaşdyrmakda, wagyz etmekde, ýaşlarymyzyň zehinli, edenli, ugurtapyjy bolmaklary ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň nyşanydyr. Ýaşlarymyza görelde bolup duran her bir şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň ykballary bilen tanyşmak her birimiz üçin gyzykly. Türkmen tebigatynyň gözelligini, türkmen sährasyny, onuň gül-gülälekli meýdanyny, zenan waspyny, edep-ekramyny, görüm-göreldesini setirlerine siňdiren Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy tebigat we ynsan durmuşyny baglanyşdyrdy.
Her bir baýramçylygyň özboluşly şowhun dabarasy bolýar. Türkmen bahary kimin owadan, halal, tämiz zenan kalbynyň şuglasy öýlerimizi bagta dolduryp, Watanymyzyň bagtyýar şu gününe, ýagty geljegine röwşen nuruny saçýar. Halkymyzyň täzeçe işläp, täzeçe ýaşap, uly hyjuw, uly joşgun bilen toý-baýramlara, beýik ýeňişlere beslenýän döwründe mähriban gelin-gyzlarymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, syýasatynda, medeniýetinde, saglyk, ylym-bilim ulgamlarynda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda joşgunly we tutanýerli zähmet çekmek bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.