“Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy


“Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, toý-baýramlara baý ýurdumyzda ene-mamalarymyzdan gelýän milliligimizi wagyz etmek, gadymdan gelýän edep-terbiýäni ýaş nesle ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda öz gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasyny, milli däp-dessurlarymyzy, edepli-ekramly, gujur-gaýratly nesilleri terbiýelemek adatlaryny, pederlerimizden miras galan milliligimizi, edep-terbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini, enäniň we çaganyň saglygyny goramaklygy wagyz edýän “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Maslahaty - Annasoltan Nunnakowa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinemotografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy alyp bardy. Duşuşyk Akjemal Durdyýewa - Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Jennet Arazowa – Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory, Jennet Meredowa – Türkmenistanyň Içeri işler ministriliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň maýory, Bibigözel Mämmedowa – Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň 2-nji derejeli kitaphanaçysy, kümüş saçly ene, Maýa Öküzowa – Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Ogultagan Orazgulyýewa - Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy gatnaşdy. Duşuşyk “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.Çykyp geplänler zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, olaryň adamzadyň dowamatyny dowam etdiriji mähribanlardygyny dogrusynda çykyş etdiler. Maşgala ojagynyň abat, asuda bolmagynda zenan akyly, zenan paýhasy terbiýeçilik mekdebine öwrülen edep-terbiýäniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden myhmanlar, gelin – gyzlara ýüzlenip däp bolup gelýän millilik, ahlaklyk, arassa päklik, sadalyk ýaly häsiýetlere eýe bolmaklaryny ündediler.

Maslahatyň ahyrynda myhmanlar Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.